Home Random Page


CATEGORIES:

BiologyChemistryConstructionCultureEcologyEconomyElectronicsFinanceGeographyHistoryInformaticsLawMathematicsMechanicsMedicineOtherPedagogyPhilosophyPhysicsPolicyPsychologySociologySportTourism






IV Syýahatçylyk işini ygtyýarlylandyrmagyň guralyşyna bildirilýän hökmany talaplar

 

17. Ygtyýarnamanyň berilmegi hakyndaky arzada ygtyýarnamanyň dalaşgäri özüniň amala aşyrmakçy bolýan hyzmatlarynyň görnüşini we (ýa-da) sanawyny görkezýär, şeýle hem Türkmenistanyň syýahatçylyk işini ygtyýarlylandyrmagyň we amala aşyrmagyň tertibini düzgünleşdirýän kanunçylyk namalary bilen tanşandygyny we olary ýerine ýetirmäge borçlanýandygyny habar berýär.

18. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri öz arzasyna “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynda göz öňünde tutulan resminamalardan başga goşmaça şu resminamalary goşýar:

1. şu Düzgünnamanyň 22-nji bölüminiň 2-nji kiçi bölüminde görkezilen adamlaryň hünäriniň ygtyýarnamanyň bellenen talaplaryna we şertlerine laýyk gelýändigini tassyklaýan resminamalary, olarda:

ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan işgäriň hünäri tassyklanan delilhat bolup, onda işgäriň familýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri, pasport maglumatlary, wezipesi, bilimi hakyndaky maglumatlar (diplomyň belgisini, kim tarapyndan berlendigini we berlen senesini görkezmek bilen), syýahatçylyk pudagynda iş tejribesi görkezilýär;

bilimi hakyndaky diplomlaryň döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan güwä geçilen nusgalaryny;

zähmet depderçeleriniň kanunçylyga laýyklykda tassyklanan nusgalaryny;

2. işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak üçin, şu Düzgünnamanyň 22-nji bölüminiň 3-nji kiçi bölüminde bellenen talaplara laýyk gelýän maddy-tehniki binýatlardygy hakynda ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan tassyklanan maglumatlary;

3. ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak üçin peýdalanylýan jaýlaryň, otaglaryň (oňa eýeçilik hukugynda, kärende ýa-da başga kanuny esasda degişli) bardygyny tassyklaýan resminamalaryň döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan güwä geçilen nusgalaryny;

4. işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak üçin peýdalanylýan jaýlaryň, otaglaryň ýaramlydygy hakynda arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, ýangyn howpsuzlygy edralarynyň güwänamalary;



5. ygtyýarnamanyň hereket edýän möhletinden az bolmadyk döwür üçin syýahatçylyk işini guramagyň maksatnamasyny (täjirçilik meýilnamasyny);

6. öň alnan ygtyýarnamalar, şol sanda syýahatçylyk işini amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnamalar hakyndaky maglumatlary.

19. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan berlen resminamalardaky maglumatlary barlamak, şol sanda şu Düzgünnamada bildirilýän ygtyýarnama talaplaryna we şertlerine olaryň laýyk gelşini seljermek, şeýle hem ygtyýarnamalynyň işini barlamak syýahat pudagynda, şeýle hem Ygtyýarlylandyryjy edaranyň ygtyýarlygyna girýän işiň beýleki görnüşleriniň pudagynda işleýän tejribeli hünärmenleriň hataryndan Ygtyýarlylandyryjy edaranyň çözgüdi bilen döredilýän ygtyýarlylandyrmak baradaky iş topary (mundan beýläk – iş topary) tarapyndan amala aşyrylýar.

Görkezilen karar bilen iş toparynyň agzalarynyň düzümi kesgitlenýär, onuň başlygy, iş toparynyň iş tertibi, şeýle hem barlaglary geçirmegiň tertibi kesgitlenýär.

Eger ygtyýarnamanyň dalaşgärine ygtyýarnama bermekden öň ýüz dönderilen bolsa ýa-da onuň ygtyýarnamanyň talaplaryny we şertlerini bozmagynyň netijesinde, işiň ygtyýarlylandyrylan görnüşi üçin öň oňa berlen ygtyýarnama ýatyrlan bolsa, iş toparynyň karary hökmanydyr.

20. Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň şu Düzgünnamada bildirilýän ygtyýarnama talaplaryna we şertlerine laýyk gelmezligi oňa ygtyýarnama bermekden ýüz döndermek hakynda karar kabul etmäge iş topary üçin ýeterlik esas bolup durýar (olary ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň iş topary tarapyndan teklip edilen möhletde, ýöne arzanyň we oňa goşulan resmi namalaryň kabul edilen gününden başlap, otuz senenama gününden giç bolmadyk möhmetde düzetmeginden başga ýagdaýda).

Iş toparynyň kararynda ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň (ygtyýarnamalynyň) işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini ýerine ýetirmäge laýyk gelýändigi ýa-da laýyk gelmeýändigi anyk görkezilmelidir.

21. Syýahatçylyk işini amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnama Ygtyýarlylandyryjy edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilýär we Ygtyýarlylandyryjy edaranyň möhri bilen tassyklanýar.

 


Date: 2015-12-24; view: 837


<== previous page | next page ==>
III Ygtyýarlylandyrmagyň mazmuny | V Ygtyýarnama talaplary we şertleri
doclecture.net - lectures - 2014-2024 year. Copyright infringement or personal data (0.007 sec.)