Home Random Page


CATEGORIES:

BiologyChemistryConstructionCultureEcologyEconomyElectronicsFinanceGeographyHistoryInformaticsLawMathematicsMechanicsMedicineOtherPedagogyPhilosophyPhysicsPolicyPsychologySociologySportTourism






V Ygtyýarnama talaplary we şertleri

 

22. Ygtyýarnamanyň dalaşgärine (ygtyýarnamala) ygtyýarnama berlende bildirilýän ygtyýarnama talaplary we şertleri şu aşakdakylardyr:

1. ygtyýarlylandyrylýan işiň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň we bu işi düzgünleşdirýän namalaryň talaplaryna laýyk gelmegi;

2. hünär derejesiniň, hünär taýýarlygynyň şu talaplara laýyk gelmegi:

a) syýahatçylyk agentliginiň işi üçin:

syýahatçylyk agentliginiň işini amala aşyrýan ygtyýarnamanyň dalaşgärinde (ygtyýarnamalyda) – şahsy ýa-da edara görnüşli tarapyň ýolbaşçysynyň ýokary hünär biliminiň ýa-da orta hünär biliminiň we syýahatçylyk pudagynda azyndan 2 ýyl iş tejribesiniň bolmagy;

ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň (ygtyýarnamalynyň) wezipe sanawynda ýokary hünär bilimi ýa-da orta hünär bilimi we syýahatçylyk pudagynda azyndan 3 ýyl iş tejribesi bolan işgärleriň (esasy işi bilen utgaşdyryp işleýänlerden başga) azyndan 30 göteriminiň, şeýle hem Türkmenistanda alnan laýyklyk güwänamalary bolan hem-de daşary ýurt dillerinden: iňlis, fransuz, nemes, ispan, arap, pars dillerinden birini bilýän gid-terjimeçileriň azyndan ikisiniň bolmagy;



b) syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan edara görnüşli tarapyň işi üçin:

syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan edara görnüşli tarapyň işini amala aşyrýan ygtyýarnamanyň dalaşgärinde (ygtyýarnamalyda) – edara görnüşli tarapyň ýolbaşçysynyň ýokary hünär biliminiň ýa-da orta hünär biliminiň we syýahatçylyk pudagynda azyndan 3 ýyl iş tejribesiniň bolmagy;

ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň (ygtyýarnamalynyň) wezipe sanawynda ýokary hünär bilimi ýa-da orta hünär bilimi we syýahatçylyk pudagynda azyndan 4 ýyl iş tejribesi bolan işgärleriň (esasy işi bilen utgaşdyryp işleýänlerden başga) azyndan 30 göteriminiň, şeýle hem Türkmenistanda alnan laýyklyk güwänamalary bolan hem-de daşary ýurt dillerinden: iňlis, fransuz, nemes, ispan, arap, pars dillerinden birini bilýän gid-terjimeçileriň azyndan ikisiniň bolmagy;



3. şu aşakdakylary goşmak bilen, işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşini amala aşyrmak üçin, ýeterlik maddy-tehniki binýadyň bolmagy:

gelýänler üçin jaýlar (gulluk jaýlary), şol sanda otaglar, ýolbaşçynyň we hünärmenleriň iş otaglarynyň;

aragatnaşygyň programma-tehniki serişdeleriniň, şol sanda kompýuterleriň azyndan ikisiniň we halkara hem-de şäherara gepleşiklerini, şeýle hem Internet ulgamynyň we elektron poçtanyň elýeterliligini üpjün edýän telefon aragatnaşygynyň üç aýratyn kanalynyň;

4. gelýänler üçin otagda şu resminamalaryň bolmaly:

Ygtyýarlylandyryjy edaranyň salgysynyň we aragatnaşyk telefonlarynyň;

bellikler we teklipler kitaplarynyň;

syýahatçylyk önüminiň döredilendigini tassyklaýan resminamalaryň nusgalarynyň (satyn almak-satmak şertnamalary, agentlik ylalaşyklary ýa-da şertnamalar, şol sanda syýahatçylyk hyzmatlaryny etmek üçin şertnamalar we başgalar);

ýerlenilýän syýahatçylyk önümi hakynda habarlar we mahabat materialynyň;

5. giriş we içerki syýahatçylyk boýunça ileri tutulýan ugurlary göz öňünde tutýan, şol sanda giriş syýahatçylygy boýunça çykyş syýahatçylygynyň azyndan 50 göteriminiň mukdar we maliýe görkezijileriniň gatnaşygyny belleýän, syýahatçylyk işini amala aşyrmagyň mälim edilen döwri üçin syýahatçylara hyzmat etmek boýunça ygtyýarnamanyň dalaşgäri (ygtyýarnamaly) tarapyndan tassyklanan ykdysady maksatnamanyň (täjirçilik meýilnamasynyň) bolmagy;

6. Türkmenistanyň raýatlaryny daşary ýurtlara ugratmak hem-de ýurdumyzda daşary ýurtly syýahatçylaryň kabul edilişini guramak hakynda daşary ýurtly edara görnüşli tarap bilen şertnamanyň (ylalaşygyň) nusgasynyň bolmagy;

7. Türkmenistanda syýahatçylyk önüminiň (hyzmatlaryň) hökmany güwälendirilmeginiň öz wagtynda geçirilmegi we howpsuzlyk talaplaryna syýahatçylyk önüminiň (hyzmatlarynyň) laýyklyk güwänamasynyň alynmagy;

8. her bir bolup biljek alyja syýahatçylyk hyzmatlarynyň edilmegi ýa-da syýahatça şu aşakdaky gutarnykly maglumatyň berilmegi:

teklip edilýän syýahatçylyk önüminiň (jahankeşdeligiň, syýahatyň) bahasy we tölegiň tertibi hakynda;

daşary ýurt döwletine gitmegiň, onda bolmagyň we ondan çykmagyň aýratynlyklary, syýahatçylyk gezelenji wagtynda özüňi alyp barmagyň aýratynlygy hakynda, şol sanda ýerli däp-dessurlara hormat goýmagyň, medeni mirasa we daşky gurşawa aýawly garamagyň zerurdygy we her bir anyk ýurtda bolmagyň beýleki kadalary hakynda;

syýahatçylyk hyzmaty üçin şertnamanyň hereket edýän möhleti hakynda, ony üýtgetmegiň we ýatyrmagyň şertleri, şertnamanyň şertleriniň bozulmagy üçin taraplaryň jogapkärçiligi, şunuň bilen baglanyşykly jedelleri düzgünleşdirmegiň we taraplaryň ýitgilerini tölemegiň tertibi hakynda;

ýokanç keseller babatda bellenen tertipde yglan edilen howply sebitler we ýurtlar hakynda, şeýle hem syýahatlaryň aýratynlyklary hakynda beýleki gutarnykly maglumatlar;

ygtyýarnamalynyň iş düzgüni, onuň salgysy, hökmany suratda güwälendirilmäge degişli hyzmatlar üçin güwänamalaryň nusgalary, syýahatçylyk işiniň degişli ugurlarynyň alnyp barylmagy üçin jogapkär wezipeli adamlaryň familiýasy, ady we atasynyň ady hakynda;

9. syýahatçylaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmeginiň, şeýle hem ýurtda (wagtlaýyn bolunýan ýerde) ondan-oňa erkin gitmekleriniň we olaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi;

10. gezelenç, syýahat gutarandan soň, syýahatçynyň hemişelik ýaşaýan ýerine gaýtmagyna kepilligiň berilmegi;

11. diňe syýahatçy bilen syýahatçylyk hyzmatlarynyň (syýahatçylyk hyzmatynyň) edilmegi üçin şertnama baglaşylandan soň, syýahatçylyk hyzmatlarynyň edilmegi;

12. syýahatçylyk hyzmatlaryny etmek hakynda Ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan bellenen görnüşde aýlyk we çärýeklik hasabatlaryň Ygtyýarlylandyryjy edara berilmegi;

13. buýrujylaryň, Ygtyýarlylandyryjy we beýleki gözegçilik edýän edaralaryň talap etmegi boýunça ygtyýarnamanyň, ygtyýarnamanyň nusgalarynyň görkezilmegi.

23. Ygtyýarlylandyryjy edara, şeýle hem beýleki gözegçilik edýän edaralar öz ygtyýarlarynyň çäklerinde ygtyýarnamalynyň ygtyýarnamanyň talaplaryny we şertlerini birnäçe gezek bozmagy ýa-da gödek bozmagy ýüze çykarylan ýagdaýda ygtyýarnamanyň hereketini togtadyp bilerler.

Şeýle hem ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak üçin, şu aşakdakylar esas bolup biler:

ygtyýarnamanyň öwezligini almak we ygtyýarnamany gaýtadan resmileşdirmek üçin ygtyýarnamalynyň degişli arzany bellenen möhletde bermezligi;

barlaglar amala aşyrlanda Ygtyýarlylandyryjy edara we beýleki gözegçilik edýän edaralar tarapyndan talap edilen zerur resminamalary bermekden ygtyýarnamalynyň esaslandyrmazdan ýüz döndermegi;

işiň ygtyýarlylandyrylan görnüşini amala aşyrýan döwründe ygtyýarnamalynyň ýerine ýetiren hyzmatlarynyň pes hilli ýa-da kanunçylyga gabat gelmeýän hereketleriniň netijesinde, sarp edijilere, işgärlerine, beýleki adamlara zyýan (zelel) ýetirilendigi barada esaslandyrylan şikaýatlaryň gelmegi;

syýahatlaryň, gezelençleriň, şol sanda ýoluň, ýaşamagyň, dynç alşyň şertleri we bahasy hakynda göni ýa-da gytaklaýyn ýagdaýda nädogry mahabatyň amala aşyrylmagy;

syýahatçy bilen şertnama baglaşmazdan, syýahatçylyk hyzmatlarynyň edilmegi ýa-da syýahatçylyk işiniň amala aşyrylmagy üçin ygtyýarnamaly tarapyndan tölegiň alynmagy;

gezelenç, syýahat gutarandan soň, syýahatçyny hemişelik ýaşaýan ýerine getirmek barada kepillik düzgünleriniň ygtyýarnamaly tarapyndan ýerine ýetirilmezligi;

syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan edara görnüşli tarap bilen şertnamasy bolmadyk ygtyýarnamaly syýahatçylyk agentligi tarapyndan çykyş syýahatyny guramak boýunça hyzmatlaryň edilmegi.

Ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak hakynda çözgüt kabul eden Ygtyýarlylandyryjy edara ygtyýarnamanyň hereketiniň togtadylmagyna getiren düzgün bozulmalary düzetmek üçin, ygtyýarnamala möhlet bellemäge borçludyr. Görkezilen möhlet alty aýdan köp bolmaly däldir.

Eger ygtyýarnamaly görkezilen düzgün bozulmalary düzetmese, onda Ygtyýarlylandyryjy edara ygtyýarnamany ýatyrmak hakynda kazyýete talap arzasyny berýär.

24. Ygtyýarnamanyň hereketiniň togtadylmagyna getiren düzgün bozulmalar düzedilenden soň, ygtyýarnamaly ygtyýarnamanyň hereketini dowam etdirmek hakyndaky arzany Ygtyýarlylandyryjy edara berýär.

25. Ygtyýarnamanyň hereketini togtadan Ygtyýarlylandyryjy edara:

1. arzany alandan soň, on iş gününiň içinde ygtyýarnamanyň hereketini togtatmaga getiren düzgün bozulmalaryň ygtyýarnamaly tarapyndan düzedilişine barlag geçirýär;

2. soňky üç iş gününiň içinde barlagyň netijeleriniň esasynda, onuň hereketini dikeltmek ýa-da dikeltmekden boýun gaçyrmak hakynda karar kabul edýär we bu hakda ygtyýarnamala ýazmaça görnüşde habar berýär.

26. Ygtyýarnama şu aşakdakylaryň karary bilen ýatyrylyp bilner:

1. eger ygtyýarnamaly tarapyndan ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň bozulmagy raýatlaryň hukuklaryna, kanuny bähbitlerine, ahlagyna, ömrüne we saglygyna, döwletiň goranmak ukybyna we howpsuzlygyna, daşky gurşawa zyýan (zelel) ýetirse, ygtyýarnamany bermek hakyndaky kararyň bikanunlygy ýüze çykarylan mahalynda, Ygtyýarlylandyryjy edaranyň arzasy esasynda kazyýetiň karary bilen.

Ygtyýarlylandyryjy edara kazyýetiň kararynyň kanuny güýje girmegine çenli döwür üçin görkezilen ygtyýarnamanyň hereketini togtatmaga borçludyr;

2. eger ygtyýarnamanyň dalaşgäri döwlet pajyny bellenen möhletlerde tölemedik bolsa, Ygtyýarlylandyryjy edaranyň karary bilen.

27. Ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak hakyndaky, ygtyýarnamanyň hereketini dowam etdirmekden ýüz döndermek hakyndaky ýa-da ygtyýarnamany ýatyrmak baradaky arzanyň kazyýete iberilendigi hakyndaky karar kabul edilenden soň, üç iş gününiň dowamynda şeýle karar esaslandyrmasy bilen ýazmaça görnüşde Ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan ygtyýarnamala ýetirilýär.

28. Ygtyýarnama şu aşakdaky halatlarda hukuk güýjüni ýitirýär we hakyky däl diýlip hasap edilýär:

ygtyýarnamanyň berlen möhleti gutaranda;

ygtyýarnama ýatyrylanda;

ygtyýarnamaly edara görnüşli tarap hökmünde ýatyrylanda;

ygtyýarnamalynyň arzasynyň esasynda ygtyýarnamanyň hereketini möhletinden öň togtatmak hakynda Ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan karar kabul edilen mahalynda.

29. Ygtyýarlylandyryjy edaranyň ygtyýarnamany bermekden ýa-da gaýtadan resmileşdirmekden ýa-da onuň hereketini uzaltmakdan ýa-da dikeltmekden ýüz döndermek hakyndaky, şeýle hem ygtyýarnamanyň hereketini togtatmak ýa-da ygtyýarnamany ýatyrmak hakyndaky kararlary ygtyýarnamaly tarapyndan ygtyýarnama gözegçiligi edarasyna ýa-da kazyýete ýüz tutmak arkaly şikaýat edilip bilner.

 


Date: 2015-12-24; view: 972


<== previous page | next page ==>
IV Syýahatçylyk işini ygtyýarlylandyrmagyň guralyşyna bildirilýän hökmany talaplar | Setting Excel Worksheet.
doclecture.net - lectures - 2014-2024 year. Copyright infringement or personal data (0.008 sec.)