Home Random Page


CATEGORIES:

BiologyChemistryConstructionCultureEcologyEconomyElectronicsFinanceGeographyHistoryInformaticsLawMathematicsMechanicsMedicineOtherPedagogyPhilosophyPhysicsPolicyPsychologySociologySportTourism






III Ygtyýarlylandyrmagyň mazmuny

 

10. Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurtly raýatlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň dynç alyş, sagaldyş, öwrenijilik, bilimi kämilleşdiriş, professional-işewürlik, sport, dini we Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelmeýän beýleki maksatlar bilen Türkmenistanyň çägindäki taryhy, medeni, tebigy we beýleki desgalara baryp, syýahatçylyk gezelençlerini we syýahatçylary geçirmek bilen, şeýle hem ýokarda görkezilen maksatlar boýunça we girdeji almaga gönükdirilen wagtlaýyn bolunýan ýerlerde syýahatçylary (raýatlary) kabul etmegi we hyzmat etmegi guramak arkaly onda tölenýän iş bilen meşgullanmazdan, wagtlaýyn bolunýan ýurtda (ýerde) syýahatçylyk işiniň amala aşyrylmagy ygtyýarlylandyrmaga degişlidir.

11. Syýahatçylyk işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnama ygtyýarnamala “Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 10281-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň ykdysady işiniň görnüşleriniň Döwlet klassifikatoryna laýyklykda kesgitlenen şu aşakdaky işleri ýerine ýetirmäge we hyzmatlary etmäge hukuk berýär:

1. syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan edara görnüşli tarapyň we syýahatçylyk agentliginiň işine;

2. syýahatçylyk saparlary barada maglumat bermäge, ugurlary meýilleşdirmäge we maslahat bermäge;

3. toparlaýyn, ýekelikdäki saparlary guramaga, jahankeşdeleri we syýahatçylary ýaşamak üçin jaý we ulag bilen üpjün etmäge;

4. syýahatçylyk saparlarynyň öňünden ugurlaryny düzüp, ýol petekleri bilen üpjün etmäge we ş.m.;

5. saparyň guramaçylarynyň işine, ýolbelentleriň işine.

12. Syýahatçylyk işi ygtyýarlylandyrylanda şol bir wagtda ygtyýarnama berlen tarap resmi taýdan ykrar (akkreditasiýa) edilýär we oňa syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan edara görnüşli tarapyň ýa-da syýahatçylyk agentliginiň derejesi berilýär.

13. Syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan edara görnüşli tarapyň işini amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnama ygtyýarnamala şu Düzgünnamanyň 11-nji bölüminiň 3-5-nji kiçi bölümlerinde kesgitlenen hyzmatlary etmäge, şol sanda:



1. Türkmenistan we daşary ýurtlar boýunça syýahatçylyk ugurlaryny (syýahatlary) döretmäge we amala aşyrmaga, şeýle hem Türkmenistan boýunça ýörişleri we gezelençleri guramaga;

2. içerki hem-de halkara ugurlary üçin ulaglaryň ähli görnüşlerini bentlemek we petekleri almak boýunça hyzmatlary etmäge;

3. wagtlaýyn ýaşalýan ýerlere ýerleşdirmek boýunça hyzmatlara;

4. nazar bermek boýunça hyzmatlara;

5. giriş we çykyş resmi namalaryny resmileşdirmäge;

6. ýolbelentçilik-terjimeçilik we gezelençleri guramak boýunça hyzmatlary etmäge;

7. habarlar-mahabat üpjünçiligine;

8. syýahatçylara hyzmat etmek boýunça medeni-güýmenje we sport çäreleriniň maksatnamalaryny taýýarlamaga hem-de beýleki hyzmatlary etmäge hem hukuk berýär.

14. Syýahatçylyk agentliginiň işini amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnama ygtyýarnamala şu Düzgünnamanyň 11-nji bölüminiň 3-5-nji kiçi bölümlerinde kesgitlenen hyzmatlary etmäge, şol sanda:



1. Türkmenistanda giriş we içerki syýahat boýunça syýahatçylyk ugurlaryny (syýahatçylary) döretmäge we amala aşyrmaga;

2. Türkmenistan boýunça ýörişleri we gezelençleri guramaga we geçirmäge;

3. syýahatçylygyň giriş we içerki ugurlary üçin ulaglaryň ähli görnüşlerini bentlemek we petekleri almak boýunça hyzmatlary etmäge;

4. wagtlaýyn ýaşalýan ýerlere ýerleşdirmek boýunça hyzmatlara;

5. nahar bermek boýunça hyzmatlara;

6. giriş resminamalayrny resmileşdirmäge;

7. ýolbelentçilik-terjimeçilik we syýahaty guramak boýunça hyzmatlary etmäge;

8. habarlar-mahabat üpjünçiligine;

9. syýahatçylara hyzmat etmek boýunça medeni-güýmenje we sport çäreleriniň maksatnamalaryny taýýarlamaga we beýleki hyzmatlary etmäge hukuk berýär.

15. Çykyş syýahatyny guramagy syýahatçylyk agentligi diňe syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan edara görnüşli tarapyň üsti bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda öz aralarynda baglaşylan şertnamanyň esasynda amala aşyrýar.

16. Syýahatçylyk işini amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnama 3 ýyl möhlete berilýär. Bu möhlet kanunçylykda bellenen tertipde gysgaldylyp ýa-da uzaldylyp bilner.

 


Date: 2015-12-24; view: 761


<== previous page | next page ==>
DÜZGÜNNAMA | IV Syýahatçylyk işini ygtyýarlylandyrmagyň guralyşyna bildirilýän hökmany talaplar
doclecture.net - lectures - 2014-2024 year. Copyright infringement or personal data (0.006 sec.)