Home Random Page


CATEGORIES:

BiologyChemistryConstructionCultureEcologyEconomyElectronicsFinanceGeographyHistoryInformaticsLawMathematicsMechanicsMedicineOtherPedagogyPhilosophyPhysicsPolicyPsychologySociologySportTourism






Syýahatçylyk babatda kanunçylygy kämilleşdirmek

Ýurdumyzda syýahatçylyk babatda kanunçylyk binýady döredildi.

“Syýahatçylyk hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny we syýahatçylygy düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalary syýahatçylygy ösdürmegiň hukuk esasy bolup durýar. Syýahatçylyk babatdaky kanunçylygyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegi Türkmenistanda syýahatçylygyň has-da ýokary derejede ösmegini üpjün etjek kadalaşdyryjy hukuknamalarynyň taýýarlanmagyna we kabul edilmegine gönükdiriler.

 

Milli maksatnamany maliýeleşdirmek

Milli maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylmaly çäreler Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän edaralarda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň we býujetden daşary serişdeleriň, hojalyk hasaplaşygyndaky edara-kärhanalarda bolsa öz serişdeleriniň hasabyna, döwlet serişdeleriniň we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki serişdeleriň hasabyna maliýeleşdiriler.

Syýahatçylygy ösdürmek işine hususy kärhanalaryň mümkinçilikleri giňden çekiler.

 

Netije

Şu Milli maksatnama ýurdumyzda syýahatçylygyň döwrebap infrastrukturasyny döretmäge we kämilleşdirmäge, Watanymyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ýurduň içinde we onuň daşynda giňden mahabatlandyrmaga, halkymyza, esasan hem, ýaşlarymyza ýurdumyzyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny syýahatçylygyň üsti bilen ýetirmäge, raýatlarymyz üçin täze iş orunlaryny döretmäge, ulgam üçin ýokary we orta hünär bilimli hünärmenleri taýýarlamaga, ulgam boýunça ylmy ösdürmäge, Watanymyzy syýahatçylyk babatda dünýäde öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşmaga we beýleki möhüm çäreleri durmuşa geçirmäge ýardam berer.

 

 

“Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlandyrmak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan “Syýahatçylyk işini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky” Düzgünnamanyň esasynda taýýarlanan ygtyýarnama almak üçin gerek bolan resminamalaryň



SANAWY

1. Ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň degişli arzasy, arzada şu aşakdakylar görkezilýär:

a) ýuridik tarap üçin – doly ady, döwlet tarapyndan bellige alnan belgisi we senesi, guramaçylyk hukuk görnüşi, hukuk we poçta salgylary, salgyt belgisi, işiň görnüşi we ony amala aşyrmagyň möhleti;

b) şahsy tarap (telekeçi) üçin – familýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri, pasport maglumaty, onuň döwlet tarapyndan hasaba alnandygy hakyndaky resminamanyň belgisi we senesi, hususy salgyt belgisi, işiniň görnüşi we ony amala aşyrmagyň möhleti, poçta salgysy.

2. Arza şu aşakdakylar goşulýar:

a) ýuridik tarap üçin – esaslandyryjy resminamalaryň bellenilen tertipde tassyklanylan nusgalary, edara görnüşindäki taraplaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesi, şeýle hem ynanç haty ýa-da ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň wekiliniň ygtyýarlaryny tassyklaýan buýruk;

b) şahsy tarap (telekeçi) üçin – hususy telekeçi hökmünde ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakyndaky resminamanyň bellenilen tertipde tassyklanylan nusgasy we onuň pasportynyň nusgasy.

3. Ygtyýarnamanyň dalaşgäri tarapyndan işgäriň tassyklanan delilhat.

4. Işgärleriň bilimi hakyndaky diplomlaryň döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan güwä geçilen nusgalary.

5. Zähmet depderçeleriniň kanunçylyga laýyklykda tassyklanan nusgalary.

6. Hünär derejesiniň, hünär taýýarlygynyň şu talaplara laýyk gelmegi:

a) syýahatçylyk agentliginiň işi üçin:

syýahatçylyk agentliginiň işini amala aşyrýan ygtyýarnamanyň dalaşgärinde (ygtyýarnamalyda) – şahsy ýa-da edara görnüşli tarapyň ýolbaşçysynyň ýokary hünär biliminiň ýa-da orta hünär biliminiň we syýahatçylyk pudagynda azyndan 2 ýyl iş tejribesiniň bolmagy;

ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň (ygtyýarnamalynyň) wezipe sanawynda ýokary hünär bilimi ýa-da orta hünär bilimi we syýahatçylyk pudagynda azyndan 3 ýyl iş tejribesi bolan işgärleriň (esasy işi bilen utgaşdyryp işleýänlerden başga) azyndan 30 göteriminiň, şeýle hem Türkmenistanda alnan laýyklyk güwänamalary bolan hem-de daşary ýurt dillerinden: iňlis, fransuz, nemes, ispan, arap, pars dillerinden birini bilýän gid-terjimeçileriň azyndan ikisiniň bolmagy;

b) syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan edara görnüşli tarapyň işi üçin:

syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan edara görnüşli tarapyň işini amala aşyrýan ygtyýarnamanyň dalaşgärinde (ygtyýarnamalyda) – edara görnüşli tarapyň ýolbaşçysynyň ýokary hünär biliminiň ýa-da orta hünär biliminiň we syýahatçylyk pudagynda azyndan 3 ýyl iş tejribesiniň bolmagy;

ygtyýarnamanyň dalaşgäriniň (ygtyýarnamalynyň) wezipe sanawynda ýokary hünär bilimi ýa-da orta hünär bilimi we syýahatçylyk pudagynda azyndan 4 ýyl iş tejribesi bolan işgärleriň (esasy iş bilen utgaşdyryp işleýänlerden başga) azyndan 30 göterimiň, şeýle hem Türkmenistanda alnan laýyklyk güwänamalary bolan hem-de daşary ýurt dillerinden: iňlis, fransuz, nemes, ispan, arap, pars dillerinden birini bilýän gid-terjimeçileriň azyndan ikisiniň bolmagy;

7. Ygtyýarnamalynyň düzüminde işleýän gid-terjimeçilerde hökmany ýagdaýda Döwlet komitetiniň okuw-usulyýet merkezini tamamlandygy barada degişli şahadatnamasynyň bolmagy.

8. Syýahatçylyk işini amala aşyrmak üçin peýdalanylýan jaýlaryň, otaglaryň (oňa eýeçilik hukugynda, kärende ýa-da başga kanuny esasda degişli) bardygyny tassyklaýan resminamalaryň döwlet kepillendiriş edarasy tarapyndan güwä geçilen nusgalary:

- peýdalanylýan jaýlaryň, otaglaryň ýaramlydygy hakynda arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, ýangyn howpsuzlygy edaralarynyň güwänamalary;

- gelýänler üçin jaýlar (gulluk jaýlary), şol sanda otaglar, ýolbaşçynyň we hünärmenleriň iş otaglary;

- aragatnaşygyň programma-tehniki serişdeleriniň, şol sanda kompýuterleriň azyndan ikisiniň we halkara hem-de şäherara gepleşiklerini, şeýle hem internet ulgamynyň we elektron poçtanyň elýeterliligini üpjün edýän telefon aragatnaşygynyň üç aýratyn kanaly;

- gelýänler üçin otagda şu resminamalaryň bolmagy;

- ygtyýarlylandyryjy edaranyň salgysy we aragatnaşyk telefonlary;

- bellikler we teklipler kitaplary;

- syýahatçylyk önüminiň döredilendigini tassyklaýan resminamalaryň nusgalary (satyn almak-satmak şertnamalary, agentlik ylalaşyklary ýa-da şertnamalar, şol sanda syýahatçylyk hyzmatlaryny etmek üçin şertnamalar we başgalar);

- ýerlenilýän syýahatçylyk önümi hakynda habarlar we mahabat materiallary;

9. Giriş we içerki syýahatçylyk boýunça ileri tutulýan ugurlary göz öňünde tutýan, şol sanda giriş syýahatçylygy boýunça çykyş syýahatçylygynyň azyndan 50 göteriminiň mukdar we maliýe görkezijileriniň gatnaşygyny belleýän, syýahatçylyk işini amala aşyrmagyň mälim edilen döwri üçin syýahatçylara hyzmat etmek boýunça ygtyýarnamanyň dalaşgäri (ygtyýarnamaly) tarapyndan tassyklanan ykdysady maksatnamasy (täjirçilik meýilnamasy);

10. Öň alnan ygtyýarnamalar, şol sanda syýahatçylyk işini amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnamalar hakyndaky maglumatlar.

 

Ygtyýarnama ýygymy:

Alyjy: Türkmenistanyň Maliýe ministrligi

Alyjy bank – Türkmenistanyň Merkezi banky

MFO 390101101

INK 101161002622

h/b 23101 934 110 100 400 002 000 (manat) 500 manat

h/b 23 201 840 110 153 300 004 000 (amerikan dollary) – ABŞ-nyň 7.500 dollary

Tölegiň niýetlenilişi: Türkmenistanda syýahatçylyk işini amala aşyrmak hukugyna ygtyýarnama üçin.

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2011-nji ýylyň 11-nji noýabrynda

çykaran 11895-nji karary bilen

tassyklandy

 


Date: 2015-12-24; view: 1440


<== previous page | next page ==>
Syýahatçylyk hyzmatlarynyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak | DÜZGÜNNAMA
doclecture.net - lectures - 2014-2024 year. Copyright infringement or personal data (0.007 sec.)