Home Random Page


CATEGORIES:

BiologyChemistryConstructionCultureEcologyEconomyElectronicsFinanceGeographyHistoryInformaticsLawMathematicsMechanicsMedicineOtherPedagogyPhilosophyPhysicsPolicyPsychologySociologySportTourism






Syýahatçylyk ulgamyny ýokary derejeli işgärler bilen üpjün etmek we olary taýýarlamak

 

Soňky ýyllarda syýahatçylyk ulgamynyň giňelmegi, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi, döwrebap myhmanhanalaryň gurulmagy we beýleki alnyp barylýan işler ulgamyň degişli hünärmenler bilen üpjünçiligine düýpli täzeden garalmagyny talap edýär.

Syýahatçylyk ulgamynyň (syýahatçylyk kärhanalary, myhmanhanalar we beýlekiler) dolandyryjy işgärlerini taýýarlamak işi Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynda we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde dowam etdiriler. Ulgamyň orta bilimli hünärmenlerini taýýarlamak üçin syýahatçylyk boýunça orta hünär okuw mekdebi dörediler. Şol mekdepde syýahatçylyk kärhanalarynda, myhmanhanalarda, motellerde, kempinglerde, dynç alyş merkezlerinde we beýleki syýahatçylyga dahylly edara-kärhanalarda işi döwrüň talaplaryna laýyk gurap biljek hünärmenler taýýarlanylar.

Syýahatçylyk ulgamynyň kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň hem-de Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň we täze dörediljek syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň dünýäniň syýahatçylyk babatda ösen ýurtlarynda öwreniş we tejribe alyş işi has işjeňleşdiriler, olara daşary ýurtlarda geçirilýän maslahatlara, okuwlara we beýleki çärelere işjeň gatnaşmaga mümkinçilikler dörediler, şeýle hem ulgamyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we kämilleşdirmek maksady bilen, daşary ýurtlaryň ýokary derejeli mugallymlaryny hem-de hünärmenlerini sapak bermek we tejribe alyşmak üçin ýurdumyza çagyrmak işi has ýaýbaňlandyrylar.

Halk köpçüligine niýetlenen okuwlary guralar, okuw merkezleriniň we pudagyň kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldiler, syýahatçylyk pudagynda zähmet çekýän hünärmenler üçin audio we wideo hünär ýokarlandyryş okuwlary yzygiderli guralar. Syýahatçylyk hem-de myhmanhana hyzmatlary, hyzmatlaryň guralyşy, hyzmat ediş pursady we hyzmatdan soňra alnyp barylmaly işlere bagyşlanan okuwlar elektron göterijilerde (disk) işlenip düzüler we isleg bildirýän kärhanalara hem-de teleýaýlymlar arkaly ilat köpçüligine hödürlener.



Syýahatçylykda ylmy barlaglar önümçilik bilen utgaşykly alnyp barylar, kärhanalaryň bäsdeşlik ukyplary hem-de özara hyzmatdaşlygy artdyrylar, täze önümler öndüriler. Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetinde dörediljek maglumatlar binýady internet tory arkaly syýahatçylyk kärhanalarynyň hyzmatyna hödürlener we maglumatlaryň elýeterliligi hem-de bütewüligi gazanylar.

Watanymyzyň baý syýahatçylyk mümkinçiliklerini ýurdumyzda we daşary ýurtlarda mahabatlandyrmak işine uly üns berler. Mahabatlandyryş işi köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli dowam etdiriler, ugur boýunça žurnallary, kitapçalary taýýarlamak işi has-da güýçlendiriler.

 


Date: 2015-12-24; view: 978


<== previous page | next page ==>
Syýahatçylyk ulgamynyň maddy binýadyny kämilleşdirmek | Içerki syýahatçylygy ösdürmek
doclecture.net - lectures - 2014-2024 year. Copyright infringement or personal data (0.006 sec.)