![]() CATEGORIES: BiologyChemistryConstructionCultureEcologyEconomyElectronicsFinanceGeographyHistoryInformaticsLawMathematicsMechanicsMedicineOtherPedagogyPhilosophyPhysicsPolicyPsychologySociologySportTourism |
Milli maksatnamanyň esasy maksady we wezipeleri
Milli maksatnamanyň esasy maksady we wezipeleri şulardyr: Milli maksatnamanyň esasy maksady ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden özleşdirmek, syýahatçylygy toplumlaýyn ösdürmek, döwrebap we amatly dynç alyş şertlerini döretmek, ulgamy ykdysady taýdan öňdäkileriň hataryna goşmak, Watanymyzyň gadymy taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny dünýä ýüzüne wagyz etmek, halkymyzyň ruhy dünýäsini has-da baýlaşdyrmak. Esasy wezipeleri: syýahatçylygyň döwrebap üpjünçilik ulgamyny döretmek we kämilleşdirmek; syýahatçylygy ýurdumyzyň içinde we onuň daşynda giňden mahabatlandyrmak; syýahatçylyk ulgamynda hususy telekeçilik işini has ýaýbaňlandyrmak; syýahatçylygy ösdürmek işine daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek; syýahatçylyk ulgamynda salgyt we gümrük ýeňilliklerini döretmegi kämilleşdirmek; halkymyza, esasan hem, ýaşlarymyza, gezelenje gelýän syýahatçylara ýurdumyzyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny syýahatçylygyň üsti bilen ýetirmek; syýahatçylygy ösdürmek bilen, halkymyz üçin goşmaça iş ýerlerini döretmek; Watanymyzy syýahatçylyk babatda dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna goşmak; syýahatçylyk ulgamy üçin ýokary derejeli dolandyryjylary, ýörite bilimli hünärmenleri taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak, olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak; syýahatçylyk ulgamynyň düýpli ösüşini daşky gurşawy goramak syýasaty bilen utgaşdyrmak; syýahatçylyk öümleriniň görnüşlerini artdyryp, myhmanhanalaryň ýylyň dowamynda doly işlemegini gazanmak; syýahatçylygyň uzak möhletleýin ösüşini göz öňünde tutup, ekosyýahatçylyk, agrosyýahatçylyk, kenarýaka sebitlerine syýahatçylyk barada ilaty yzygiderli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek; sebitiň tebigy aýratynlyklaryna laýyklykda dürli syýahatçylyk saparlaryny utgaşdyrmagyň netijesinde saglyk, sport, iş maslahatlary, tebigy aýratynlykly we başga hyzmatlary hödürleýän syýahatçylyk şäherçelerini döretmek; sebitleriň durmuş-ykdysady ýagdaýlaryny ýokarlandyrmakda syýahatçylygy esasy serişdeleriň biri hökmünde ulanmak; syýahatçylyk ugry boýunça ylmy ösdürmek; syýahatçylyk babatda kanunçylygy kämilleşdirmek.
Date: 2015-12-24; view: 1451 |