Home Random Page


CATEGORIES:

BiologyChemistryConstructionCultureEcologyEconomyElectronicsFinanceGeographyHistoryInformaticsLawMathematicsMechanicsMedicineOtherPedagogyPhilosophyPhysicsPolicyPsychologySociologySportTourism






DÜZGÜNNAMA

1. Şu Düzgünnama “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlandyrmak hakyndaky” we “Syýahatçylyk hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de “Türkmenistanda ygtyýarlandyrmak işini guramagyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2009-njy ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 10281-nji kararyna laýyklykda Türkmenistanda syýahatçylyk işi ygtyýarlylandyrylanda hökmany bolan kadalary belleýär.

2. Syýahatçylyk işini ygtyýarlylandyrmagyň maksady Türkmenistanyň syýahatçylyk işiniň desgalaryna aýawly garamagy üpjün etmekden, syýahatçylyk hyzmatlaryny etmek boýunça şahsy we edara görnüşli taraplar üçin deň mümkinçilikleri döretmekden, şeýle hem syýahatçylaryň hem-de döwletiň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramakdan ybaratdyr.

3. Şu Düzgünnamanyň maksatlary üçin aşakdaky düşünjeler ulanylýar:

1. syýahatçylyk – şahsy taraplaryň hemişelik ýaşaýan ýerinden tölegli iş bilen meşgul bolmazdan dynç almak üçin, sagaldyş, öwreniş, professional-işewürlik, bilim, sport, dini we beýleki maksatlar bilen wagtlaýyn bolunýan ýurda (ýere) gezelenji;

2. syýahatçylyk işi – gezelençleri we olar bilen baglanyşykly syýahatçylyk hyzmatlaryny guramak boýunça edara görnüşli taraplaryň we husysy telekeçiler hökmünde hasaba alnan şahsy taraplaryň işi;

3. syýahat – belli bir ugur boýunça takyk möhletlerde toplumlaýyn syýahatçylyk hyzmatlary bilen üpjün edilen gezelenç;

4. toplumlaýyn syýahatçylyk hyzmaty – buýruja (sarp edijä) edilýän ýa-da teklip edilýän umumy baha üçin düzüminde azyndan iki hyzmat (ýerleşdirmek we daşamak) bolan tehnologik taýdan baglanyşykly hyzmatlaryň toplumy;

5. syýahatçy – tölenilýän iş bilen meşgul bolmazdan sagaldyş, öwreniş, professional-işewürlik, bilim, sport, dini we başga maksatlar bilen Türkmenistanyň çäklerinde ýa-da ondan daşarda ýigrimi dört sagatdan alty aýa çenli ýa-da ýigrimi dört sagatdan az, ýöne dynç almak üçin bir gije ýatmak bilen gezelenç edýän şahsy tarap.



6. syýahatçylyk işini amala aşyrmak işi – syýahatçylyk işine ygtyýarnamasy bolan we syýahatçylyk agentligine hem-de syýahatçylara syýahatçylyk önümini döretmek, öňe sürmek we durmuşa geçirmek boýunça işi amala aşyrýan edara görnüşli taraplaryň işi. Syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan edara görnüşli tarap çykyş syýahatçylygyny guramak boýunça hyzmatlary etmekde aýratyn hukuga eýedir;

7. syýahatçylyk agentlik işi (syýahatagentlik işi) – syýahatçylyk işine ygtyýarnamasy bolan we syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan edara görnüşli tarapyň çykyş syýahatçylygy boýunça işläp taýýarlan syýahatçylyk öüminiň öňe sürülmegini we durmuşa geçirmegini amala aşyrýan şahsy we edara görnüşli taraplaryň işi. Syýahatçylyk agentligi giriş we içerki syýahatçylyk guralanda özbaşdak işi amala aşyrýar;

8. syýahatçylyk hyzmatlary - syýahatçylyk işiniň taraplarynyň syýahatçyny ýerleşdirmek, naharlamak, oňa ulag, maglumat-mahabat hyzmatlaryny etmek, şeýle hem syýahatçynyň talaplaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilen beýleki hyzmatlar;

9. syýahatçylyk önümi – syýahatça ýerlemek üçin niýetlenen syýahatçylyk baýlyklarynyň, sarp ediş närseleriniň we hyzmatlarynyň jemi.

 

 


Date: 2015-12-24; view: 1099


<== previous page | next page ==>
Syýahatçylyk babatda kanunçylygy kämilleşdirmek | III Ygtyýarlylandyrmagyň mazmuny
doclecture.net - lectures - 2014-2024 year. Copyright infringement or personal data (0.007 sec.)