Home Random Page


CATEGORIES:

BiologyChemistryConstructionCultureEcologyEconomyElectronicsFinanceGeographyHistoryInformaticsLawMathematicsMechanicsMedicineOtherPedagogyPhilosophyPhysicsPolicyPsychologySociologySportTourism






Analog signallarynyň diskretleşdirilmegi

 

Özüniň tebigaty boýunça köp signallar (telefon,faksimil,telewizion) sanly däldirler.Bular analog ýa-da üznüksiz signallardyr.

Janly adamyň gepleşik dilini, onuň emossiýalaryny we sesiň dürli baý reňk öwüşginlerini saklamak bilen nollaryň we birlikleriň diline öwürmek bolarmy? Başga sözler bilen aýdanyňda, gürrüň üznüksiz prosesiň maglumatlaryny ýitirmän, san yzygiderligi bilen çalyşmak barada barýar.

Şeýle problema bilen biz durmuşda köp duş gelýäris. Eger örän gysga wagt aralygynda (aýdaly her 1 sek ) howanyň temperaturasynyň bahasyny grafige geçirsek, onda temperaturanyň üýtgeýşini görkezýän nokatlar köpligini alarys (surat 3.1)

 

Surat3.1 Temperaturanyň diskret ölçegi.

 

 

Şeýlelikde biz temperaturanyň üýtgeýşiniň üznüksiz egrisi bilen däl-de diňe onuň kesgitli wagt aralygyndaky alnan bahasy bilen iş salyşýarys. Dogrusyny aýtsak, biz käbir üznüksiz prosesi onluk sanlaryň yzygiderligi bilen beýan etdik. Şeýle prosese üznüksiz signalyň diskretleşdirilmegi diýilýär.

Bu ýerde üznüksiz prosesiň hemme üýtgemelerini yzarlamak üçin onuň bahalaryny nähili ýygylyk bilen almalydygyny anyklamak gerek. Mysal üçin, has uzak wagt aralyklarynda (gözegçilikde) temperaturanyň hemme çalt üýtgemelerini yzarlap bolmaýar.

Şeýle çemeleşme telefon signalyny diskretleşdirmek prosesinde ýatandyr (surat 3.2)

 

Surat 3.2 Telefon signalynyň diskretleşdirilmegi

 

Eger-de togy wagtyň üznüksiz funksiýasy bolan mikrofonyň zynjyryna elektron açary ýerleşdirip, gysga pursatlarda birikdirip dursak, onda zynjyryň togy üznüksiz signalyň formasyny gaýtalaýan amplitudaly dar impulslar görnüşine eýe bolar , ol bolsa diskret signaldyr (surat 3.2).

Üsti bilen üznüksiz signalyň bahasy hasaplanýan td - wagt interwalyna diskretleşdirme interwaly diýilýär. Onuň ters bahasyna 1/t d = fd diskretleşdirme ýygylygy diýilýär.

 


Date: 2016-01-14; view: 744


<== previous page | next page ==>
Sanly habarlary almanyň görnüşleri, kwantowaniýanyň ýalňyşlygy. | Perspectives and challenges of urban development in St. Petersburg
doclecture.net - lectures - 2014-2024 year. Copyright infringement or personal data (0.007 sec.)