Home Random Page


CATEGORIES:

BiologyChemistryConstructionCultureEcologyEconomyElectronicsFinanceGeographyHistoryInformaticsLawMathematicsMechanicsMedicineOtherPedagogyPhilosophyPhysicsPolicyPsychologySociologySportTourism






Sanly habarlary almanyň görnüşleri, kwantowaniýanyň ýalňyşlygy.

 

Işlenilmek usulyna we habarlary geçirişine baglylykda geçiriş toplumlary analog we san görnüşine bölünýärler:

Geçiriş toplumyň analog görnüşine şular degişlidir:

- kanallaryň ýygylyk bölünişi bilen (KÝB), olarda signallary her bir geçiriş kanalyndan geçirmek üçin çyzykly traktyň ýygylyk böleginde ýygylygyň belli bir zolagy berilýär;

- kanallaryň wagtlaýyn bölünişi bilen (KWB), olarda signallary her bir geçiriş kanalyndan geçirmek üçin çyzykly traktdawagtyň belli bir aralygy sarp edilýär.

- Sanly geçiriş toplumyna habarlaryň ähli görnüşlerini sanly signallaryň üsti bilen geçirýän geçiriş toplumy degişlidir.

- Habar çeşmeleri we olara degişli signallar üznüksiz we diskret görnüşine bölünýärler. Üznüksiz signallara käbir çäklerde islendik belgileri kabul edip bilýänler we wagtyň üznüksiz funksiýalary (telefoniýanyň signallary, radioýaýlymyň we ş.m.) bolup durýanlar degişlidir.

- Diskret signallara dürli belgileriň gutardyş sanyny saklaýan (telegraf habarlary, bir gezekleýin buýruklar we başgalar) aýratyn (diskret) elementlerden durýan signallar degişlidir.

KÝB-ly analog toplumlarda hem üznüksiz, hem diskret signallary modulýasiýanyň dürli görnüşleriniň kömegi bilen AM, AM – OBP, ÇM wagtyň üznüksiz funksiýasy bolup durýan çyzykly topar signalyna öwrülýärler. Analog diskret signallary wagt, amplituda, wagt we amplituda boýunça bir bada diskretizasiýany ulanyp üznüksizlerden alyp bolýar.

Wagt boýunça üznüksiz signalyň diskretizasiýasynda (surat 1.1) tutuş signal geçirilmeýär-de diskretizasiýanyň periody Td diýip atlandyrylýan wagtyň aralyklaryndan alnan amplitud belgiler geçirilýär. Diskretizasiýanyň belli bir periodynyň saýlanyşynda wagt boýunça diskret hasabaty bilen geçirilýän üznüksiz signaly soňy bilen hiç hili gyşarnyksyz dikeldilip bilner. Alnan signal wagt boýunça diskretlenendir, ýöne amplituda boýunça üznüksizdir, sebäbi üznüksiz signalyň dinamik böleginiň çäginde onuň amplitudasy boýunda wagt hasabaty bir birine ýakyn bolup biler.



Üznüksiz signalyň amplitudasy boýunça diskretizasiýasynda (surat 1.2) dereje boýunça kwantyň ädimi diýip atlandyrylýan biri biri birinden hemişelik ölçeg bilen tapawutlanýan diňe öňünden belli bir saýlanylan amplituda belgileri geçirilýär. Görnüşi ýaly amplituda boýunça kwant signaly çykyş üznüksiz signaldan ilkinji we kwant dereje boýunça signallaryň tapawudy bilen kesgitlenýän kwantlaşdyrmanyň ýalňyşlygyna getirmek bilen tapawutlanýar.

Wagt we amplituda boýunça diskretlenen signaly (surat 1.3) wagt boýunça diskretlenen signalyň derejesi boýunça kwantlaşdyrmany ýerine ýetirip alyp bolar. Alnan signalyň amplitud hasabatlary disketlenen hasabatyň hakyky belgilerinden tapawutlanýar, şol sebäpli öňki ýagdaý ýaly dereje boýunça kwantlaşdyrma ýalňyşlygyna getirýär.

Wagt we amplituda boýunça diskretlenen signalyň sanly şekillendirilişinde (surat 1.4), amplituda boýunça kwantlaşdyrmanyň her bir derejesine öz belgisi özleşdirilýär, onuň ölçegi bolsa onluk toplumdan ikilik topluma öwrülýär. Şol sebäpli soňy bilen signalyň amplitudaly hasabatynyň özüni däl-de, kwantlaşdyrmanyň derejesiniň belgisine laýyk geýän we ikileýin hasabat toplumynda görkezilen impulslaryň toplumyny, ýagny sanly signaly geçirip bolýar. Sanly signal impulslaryň yzygiderliginden durýar, bu ýerde impulsyň barlygy birligiň geçirilişi, onuň ýoklugy bolsa – nolyň geçirilişi barada şaýatlyk edýär. Sanly signallar analog signallardan gyşarnyklara ýokary durnuklygy bilen tapawutlanýarlar, sebäbi gyşarnyklaryň zolagynda olary tapmaklykda impulsyň barlygyny ýa-da ýoklugyny kesgitlemek gerek bolar.

Wagt boýunça diskretizasiýa - implus gaýtalamany girizilýän analog signaly bilen amplitudasy boýunça modulýasiýa (üýtgetme) geçirmek. Analog signaly ilkinjiden diskret signallary görnüşine getirmeli. Telefon habarlary diskret görnüşine geçirilende ölçegleri:

fg = 1/Tg = 8 êÃö ; Tg = 125 ìêñ.

 

Bir kanalyň iki impulsynyň aralygyndaky başlyga nobatdaky kanalyň impulsy girizilýär. Şeýdip, yzly-yzyna hatarlanyp, 1 kanalda birnäçe kanallaryň signallaryny dykyzlap goýberip bolýar.

Amplituda - impuls modulýasiýanyň iki görnüşi bar:

AIM-1 we AIM-2.

AIM-1 görnüşinde impulslaryň amplitudalary girizilýän signal boýunça üýtgeýär.

AIM-2 görnüşinde impulslaryň amplitudasy girizilýän signalyň kesip geçen ýerindäki ölçegine deň bolýar.

IKM - tehnikalarynda AIM-2 görnüşi ulanylýar.

Amplituda kwantowaniýesi - girizilýän signalyň köp sanly amplitudalaryny rugsat berilýän derejede belli bir sanly amplitudalara çalyşmak prossesi.

Bir birine golaýdan ýerleşen kwantowaniýanyň derejeleriniň aralygyna kwantowaniýanyň ädimi diýilýär (Δ) harpy bilen belgilenýär.

Kwantowaniýe geçirilende kwantowaniýanyň ýalňyşlaryny ýüze çykýar (goşmaça-artykmaç).

 

 


Date: 2016-01-14; view: 839


<== previous page | next page ==>
Signallyryň wagt boýunça kwantlaşdyrmak we kodlaşdyrmak. | Analog signallarynyň diskretleşdirilmegi
doclecture.net - lectures - 2014-2024 year. Copyright infringement or personal data (0.009 sec.)