Home Random Page


CATEGORIES:

BiologyChemistryConstructionCultureEcologyEconomyElectronicsFinanceGeographyHistoryInformaticsLawMathematicsMechanicsMedicineOtherPedagogyPhilosophyPhysicsPolicyPsychologySociologySportTourism






Signallaryň demodulýassiýasy.

Biz şu wagta çenli signallaryň özgerdilmesine iberiliş punktynda seretdik. Kabul ediş punktynda (sur.2.1) ilkinji signaly göterijiden aýyrmak zerurdyr, ýagny, kabul edilen signalyň demodulýassiýasyny ýerine ýetirmelidir.

Mysal üçin, AM signalyň demodulýassiýasynda modulirlenen göteriji signalyň amplitudasynyň üýtgeýiş kanunyny saýlamak zerurdyr, ýagny, onuň egijisini. Bu operassiýa amplituda detektorynyň kömegi bilen ýerine ýetirilýär.(sur.2.11). Çyzykly detektirlemede çyzykly wolt-amper häsiýetnamaly detektoryň girişine (sur.2.12, a) AM-signal berilýär(sur.2.12,b), we detektoryň togunyň impulslarynyň yzygiderligi amplituda boýunça modulirlenen bolýarlar (sur.2.12,â).Toguň ýokary ýygylykly düzüjileri RÑ-zynjyr arkaly filtrlenýärler; R rezistordaky naprýaženiýäniň peselmesini toguň diňe hemişelik düzüjisi döredýär

 

.

Surat 2.11 Amplituda detektorlary: (a) tranzistorly, (b) diodly.

Modulirlenen yrgyldyda amplituda

 

V(t)=V(1+MAMcosΩt)

kanuny boýunça haýal üýtgeýär, diýmek, toguň hemişelik düzüjisiniň R-rezistorynda bölüp berýän amplitudasy hem wagta görä haýal üýtgär.Şeýlelik-de, amplituda detektorynyň çykyş naprýaženiýesi başlangyç(modulirleýji) signala proporsionaldyr.

Surat2.12 AM-signalyň detektirlenmesi.

ÝM-yrgyldynyň demodulýassiýasynyň bir usuly ony AM-signala öwürip, soňra amplituda detektorynyň kömegi bilen detektirlemekdir.

ÝM-signalyň AM-signala özgerdilmesi bozulan yrgyldyly konturyň kömegi bnilen ýerine ýetirilýär. Goý, kesgitli rezonans ýygylyga sazlanan yrgyldyly kontura hemişelik amplitudaly we wagta görä üýtgeýän w(t)=w+ΔwcosΩt ýygylykly ÝM-yrgyldy berilýän bolsun.

Konturyň doly garşylygy konturda bölünýän naprýaženiýe giriş ÝM-signalyň ýygylygynyň üýtgemegi bilen wagta görä üýtgeýşi ýaly, her bir pursat ýygylygynda özüniň kesgitli bahasyny alýar. Surat 2.13-de giriş signalynyň hemişelik amplitudasynda konturdaky naprýaženiýäniň amplitudasynyň ýygylyga baglylygy Vk(w), giriş ÝM-signalyň wagta görä üýtgemesi w(t) we ÝM-yrgyldynyň amplitudasynyň wagta görä üýtgemesi Vk(t) görkezilen.



Surat 2.13 ÝM-signalyň demodulýassiýasy.

Şeýlelikde, ÝM-yrgyldynyň amplitudasy yrgyldyly konturyň çykyşynda wagta görä modulirleýji signala proporsionallykda üýtgeýär, ýagny, ýygylyk boýunça modulirlenen signal amplituda boýunça hem modulirlenen boldy. Pes ýygylykly sygnaly almak üçin , amplituda boýunça modulirlenen ÝM-signaly amplituda detektoryna bermek ýeterlikdir.

Edil şonuň ýaly, FM-signalyň fazasynyň üýtgeýiş kanunyny bölmeklik faza detektory bilen yerine ýetirilýär.

 


Date: 2016-01-14; view: 738


<== previous page | next page ==>
EmployeeValidator.java | Signallyryň wagt boýunça kwantlaşdyrmak we kodlaşdyrmak.
doclecture.net - lectures - 2014-2024 year. Copyright infringement or personal data (0.007 sec.)