Home Random Page


CATEGORIES:

BiologyChemistryConstructionCultureEcologyEconomyElectronicsFinanceGeographyHistoryInformaticsLawMathematicsMechanicsMedicineOtherPedagogyPhilosophyPhysicsPolicyPsychologySociologySportTourism






Syýahatçylyk hyzmatlarynyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak

 

Syýahatçylyk ulgamynyň netijeliligini üpjün etmek üçin dolandyryş işleri mundan beýläk-de kämilleşdiriler. Syýahatçylyk ulgamynyň netijeli işlemegine mümkinçilik berjek myhmanhanalaryň we syýahatçylyk kärhanalarynyň birleşmeleri dörediler.

Syýahatçylyk hyzmatlarynyň toplumlaýyn öndürilmegine aýratyn üns berler, ýagny ýerleşdiriş, iýmitlendiriş, sport, işjeň-sagaldyş saglygy dikeldiş, güýmenje-şäht açmak hyzmatlary, duşuşyklary we maslahatlary geçirmek üçin hyzmatlary hödürleýän kärhanalar utgaşykly bir-birine ýakyn gatnaşykda işlediler, şeýlelikde hyzmatlaryň köpdürliligi üpjün ediler. Ýurdumyzda hyzmatlara öňünden talap bildirmegiň we ony satyn almagyň elektron ulgamy dörediler. Elektron ulgamda Türkmenistanyň ähli ýadygärlikleri, tebigy baýlyklary, myhmanhanalary we syýahatçylyk kärhanalary barada maglumatlar ýerleşdiriler.

Syýahatçylyk mahabat-tanyşdyryş çäreleri hem-de bazar derňewleri tutuşlygyna ylmy we statistiki barlaglara esaslanar. Bazaryň häsiýetli aýratynlyklary, müşderileriň sarp ediş endikleri we talaplary, ilatyň demografiki gurluşy barlaglar geçiriler we olaryň esasynda mahabat-tanyşdyryş çäreleri alnyp barylar. Syýahatçylyk bazary öwrenilende toparlara bölmek işi ylmy çemeleşmelerde hödürlenýän usullara laýyklykda alnyp barylar. Halkara syýahatçylyk ýörelgelerini öwrenmek, hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak, syýahatçylyk önüminiň görnüşlerini artdyrmak arkaly myhmanhanalaryň ýylyň dowamynda doly işlemegi gazanylar.

Syýahatçylyk bazarynda üstünlik gazanmak üçin syýahatçylyk önüminiň hiliniň ýokary bolmagy üpjün ediler. Sowalnama, sorag-jogap ýaly ilat bilen gatnaşyk usullary netijeli ulanylar. Täze mahabat-tanyşdyryş çärelerinde ilat bilen gatnaşyga aýratyn üns berler. Dürli eýeçilikdäki kärhanalaryň özara gatnaşyklarynda maglumat tilsimatlary işjeň ulanylar. Abraýly syýahatçylyk kärhanalary we olaryň önüminiň nyşanlary dörediler. Önümi mahabatlandyrmakda, önümiň häsiýetli aýratynlyklaryny düşündirmekde, önümi satmakda we satuwdan soň gözegçilikleri alyp barmakda internet torunyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylar. Syýahatçylyk ulgamynda elektron-mahabat, elektron-bazar we elektron-söwda ýaly ugurlara aýratyn üns berler. Mahabat-tanyşdyryş çärelerini alyp barmak üçin netijeli mahabat ugurlary saýlanyp alnar. Mahabat-tanyşdyryş çäreleri üçin halkara derejesinde geçirilýän ýygnaklara, işewürler maslahatlaryna üns berler, Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri barada wideo-filimler görkeziler.



Milli syýahat önüminiň döredilmeginde myhmanhana hojalyklarynda hödürlenýän hyzmatlaryň hili aýratyn ähmiýete eýedir. Hyzmatyň hiliniň ýokary bolmagy üçin, ilkinji nobatda, myhmanhananyň derejesine laýyklykda hödürlenýän otaglar we umumy hyzmat ýerleri talaba laýyk abzallaşdyrylar we bezeler. Ýerleşdiriş hyzmatlaryny hödürleýän myhmanhanalarda, dynç alyş öýlerinde, pansionlarda abzallaşdyrmak we bezemek işleri kärhananyň hyzmat aýratynlyklaryna laýyklykda tapawutly bolar. Myhmanhanalar köplenç halatlarda müşderileriň ähli isleglerini ýa-da islegleriniň köp bölegini kanagatlandyrjak görnüşde abzallaşdyrylar.

Myhmanhanalaryň hödürleýän hyzmatlarynyň sany artdyrylyp, rahat dynç alyş amatlyklary döredilip, kuwwatlylygyň hasabyna önümçilik çykdajylary azaldylar. Ýokary hilli myhmanhananyň bäsdeşlige ukyplylygyny gazanmak üçin orun sany artdyrylyp ortaça harajatlar peseldiler. Täze gurulýan myhmanhanalarda binalaryň umumy meýdanynyň köp bölegi otaglar üçin niýetlener, bu bolsa, olaryň ykdysady netijeliligini üpjün eder.

Türkmenistanda mundanbelýäk şol bir görnüşli, içgysgynç köpçülikleýin syýahatçylygyň ornuny köpugurly köpçülikleýin syýahatçylyk eýelär. Syýahatçylaryň islegleriniň köpdürlüligini nazara alyp, köp sanly hyzmatlary özünde jemleýän, dürli hyzmatlara we sarp ediş önümlerine bolan islegi höweslendirýän, syýahatçylykda hödürlenýän hyzmatlaryň sanyna görä olaryň hiline has ýokary ähmiýet berýän, müşderilerine köp sanly syýahatçylyk hyzmatlarynyň deregine belli ugurlar boýunça köp görnüşli önümleri hödürleýän syýahatçylyk hyzmatlary hödürlener we önüm öndürijileriň bazaryndan sarp edijileriň bazaryna sazlaşykly geçiş amala aşyrylar.

 


Date: 2015-12-24; view: 946


<== previous page | next page ==>
Içerki syýahatçylygy ösdürmek | Syýahatçylyk babatda kanunçylygy kämilleşdirmek
doclecture.net - lectures - 2014-2024 year. Copyright infringement or personal data (0.007 sec.)