Home Random Page


CATEGORIES:

BiologyChemistryConstructionCultureEcologyEconomyElectronicsFinanceGeographyHistoryInformaticsLawMathematicsMechanicsMedicineOtherPedagogyPhilosophyPhysicsPolicyPsychologySociologySportTourism






Içerki syýahatçylygy ösdürmek

Türkmenistana gelýän syýahatçylar bilen deň derejede içerki syýahatçylara hem aýratyn üns berler. Türkmenistanyň içerki syýahatçylyk mümkinçilikleri örän ýokarydyr. Içerki syýahatçylyk bazaryny ösdürmek üçin döwlet hem-de husysy syýahatçylyk kärhanalary bilen jemgyýetçilik guramalarynyň ýokary derejeli hyzmatdaşlygy guralar. Bu hyzmatdaşlygyň esasynda döwlet we sebit derejesinde tebigy we medeni aýratynlyklary açyp görkezýän, raýatlary syýahatçylyga höweslendirýän çäreler we duşuşyklar guralar, syýahatçylyk kärhanalarynyň mahabat çärelerine aýratyn üns berler, syýahatçylyk ugurlarynyň sany artdyrylar. Raýatlarymyzyň syýahat etmek medeniýeti we endikleri dürli mahabat çäreleri arkaly ösdüriler, talaplara we isleglere laýyklykda ýokary hilli syýahat hyzmatlary hödürlener. Syýahatçylygy mahabatlandyrmaga gönükdirilen çäreler täze usullar we gurallar arkaly amala aşyrylar.

Köpçülikleýin ýaşaýyş-durmuş maksatly syýahatçylygyň ösüşine aýratyn üns berler, aýratyn hem, maýyplar, zähmet we uruş weteranlary hem-de ýaşlar üçin Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň uruş weteranlary guramasynyň Merkezi geňeşiniň gatnaşmagynda ýörite syýahatçylyk meýilnamalary işlenip düzüler. Ilatymyzyň köp bölegini emele getirýän ýaşlar, ýokary we orta hünärment mekdepleriniň talyplary üçin hereketli dynçalyş meýilnamalary işlenip düzüler. Ülkämizi ýaşlara has ýakyndan tanatmak we olaryň hödürlenýän syýahatçylyk çärelerine işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak üçin giňişleýin wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli alnyp barylar. Içerki syýahatçylygy ösdürmek we adamlary syýahat etmäge höweslendirmek üçin folklor, aýdym-saz, sergiler ýaly medeni syýahatçylyk çärelerine aýratyn üns berler. Içerki syýahtçylykda sarp edijileriň talaplaryna we isleglerine laýyklykda dürli görnüşli syýahatçylyk önümleri ýokary hilli we amatly bahadan hödürlener.



Geçiriljek bu çäreler diňe bir içerki syýahatçylykdan alynjak girdejini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem ilatyň aň-bilim derejesini hem ýokarlandyrar, şeýle-de taryhy-medeni we tebigy gymmatlyklara aýawly çemeleşmegiň ýollarynyň birini emele getirer.

 


Date: 2015-12-24; view: 1314


<== previous page | next page ==>
Syýahatçylyk ulgamyny ýokary derejeli işgärler bilen üpjün etmek we olary taýýarlamak | Syýahatçylyk hyzmatlarynyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmak
doclecture.net - lectures - 2014-2024 year. Copyright infringement or personal data (0.005 sec.)