Home Random Page


CATEGORIES:

BiologyChemistryConstructionCultureEcologyEconomyElectronicsFinanceGeographyHistoryInformaticsLawMathematicsMechanicsMedicineOtherPedagogyPhilosophyPhysicsPolicyPsychologySociologySportTourism






Syýahatçylyk ulgamynyň maddy binýadyny kämilleşdirmek

 

Syýahatçylygyň ösen ýurtlarynda bolşy ýaly, geljekde ýurdumyzda hem syýahatçylygyň döwrebap üpjünçilik ulgamyny döretmek üçin hususy telekeçileriň işi has ýaýbaňlandyrylar, syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan hususy kärhanalaryň sany köpeldiler, olaryň ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmekdäki mümkinçilikleri has giňeldiler.

Soňky ýyllaryň içinde paýtagtymyz Aşgabat şäheri halkara maslahatlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ondan başga-da, Aziýa Olimpiýa Komitetiniň çözgüdi esasynda, paýtagtymyz Aşgabatda 2017-nji ýylda ýapyk binalarda Aziýa oýunlary geçiriler. Bu çärelere gatnaşyjylary ýaşamak üçin jaýlar bilen doly üpjün etmek hem-de daşary ýurtly syýahatçylaryň sanyny düýpli köpeltmek maksady bilen, Aşgabat şäherinde myhmanhana orunlarynyň sany ep-esli artdyrylar. Ýakyn wagtlarda Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň syýahatçylara gyzykly ýerlerinde myhmanhanalar gurlar. “Köw-Ata” döwlet syýahatçylyk-gezelenç kärhanasy giňeldiler. Ýurdumyzyň myhmanhanalaryny bütindünýä myhmanhanalar ulgamlaryna goşmak boýunça işler alnyp barylar. Ondan başga-da, uly awtomobil ýollarynyň ugurlarynda syýahatçylaryň düşläp, medeniýetli dynç almaklary üçin moteller, kempingler we beýleki ýerleşdiriş nokatlary gurlar.

Syýahatçylara edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak üçin, ýurdumyzyň howa menzilleriniň işleri kämilleşdiriler, howa gämileriniň halkara we içeri gatnawlarynyň sany köpeldiler, täze gatnaw ugurlary açylar.

Gazagystany, Türkmenistany we Eýrany birleşdirjek demir ýolunyň gurluşygy tamamlanandan soňra, syýahatçylara demir ýol gatnawlarynyň kömegi bilen syýahat etmäge giň mümkinçilik açylar, şeýlelikde demir ýollar arkaly Ýewropa, Günorta Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna gezelençler guralar. Müşderilere niýetlenen täze wagonlar bilen demir ýol ulaglarynyň düzümi yzygiderli täzelenip durýar.

Daşary ýurtly hem-de ýerli syýahatçylaryň görmäge uly isleg bildirýän taryhy-medeni ýadygärliklerini abatlamak işlerine uly üns berler. Olarda syýahatçylara niýetlenen oňaýly döretmek üçin telärler, söwda nokatlary, sowgatlyk dükanlary, awtoulag duralgalary we beýleki möhüm desgalar gurlar. Şeýle işler ýurdumyzyň tebigy goraghanalarynda hem alnyp barylar. Olarda ýokarda agzalanlardan başga-da, syýahatçylar ýaşlar ýaly pansionlar ýa-da dynç alyş öýleri hem gurlar.



Tebigy gurşawy goramak şerti bilen tebigy ýerlerde, ýagny adamyň, medeniýetiň kän barmadyk ýerlerine syýahatçylygy ornaşdyrmak işi guralar (ekosyýahat).

Syýahatçylyk geljekde hem sebitleri gyradeň ösdürmegiň, täze iş orunlaryny döretmegiň işjeň guraly bolar. Bu ugurda ýurdumyzyň ministrlikleri, kärhanalary we telekeçileri tarapyndan amala aşyrylýan maýa goýumlarynyň utgaşykly bolmagy gazanylar.

Syýahatçylyk merkezleri we sebitleri maksatnamalar arkaly ösdürilende ýerler anyk çäreler üçin ulanmaga meýilleşdirilmän, gerimi giň we uzak möhletli maksatlara ýetmäge ýardam berýän bütewi binýady guramaga niýetlener. Bu sebitlerde ýerler dürli taslamalar üçin bölünip berler we netijede maýadarlaryň öz taslamalaryny durmuşa ornaşdyrmaklaryna mümkinçilik dörediler.

Sebitde syýahatçylyk merkezleri saýlanyp alnanda syýahatçylyk çärelerini toplumlaýyn hödürlemäge mümkinçilik berjek ýerler özleşdiriler, şeýle-de üpjünçilik ulgamyny döretmek we daşky gurşaw goramak çärelerini hasaba almak bilen, syýahatçylyk giňden ösdüriler.

 


Date: 2015-12-24; view: 760


<== previous page | next page ==>
Türkmenistanyň taryhy, medeni we tebigy baýlyklaryny syýahatçylykda giňden ulanmak | Syýahatçylyk ulgamyny ýokary derejeli işgärler bilen üpjün etmek we olary taýýarlamak
doclecture.net - lectures - 2014-2024 year. Copyright infringement or personal data (0.006 sec.)