Home Random Page


CATEGORIES:

BiologyChemistryConstructionCultureEcologyEconomyElectronicsFinanceGeographyHistoryInformaticsLawMathematicsMechanicsMedicineOtherPedagogyPhilosophyPhysicsPolicyPsychologySociologySportTourism






Milli maksatnamanyň esasy maksady we wezipeleri

 

Milli maksatnamanyň esasy maksady we wezipeleri şulardyr:

Milli maksatnamanyň esasy maksady ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden özleşdirmek, syýahatçylygy toplumlaýyn ösdürmek, döwrebap we amatly dynç alyş şertlerini döretmek, ulgamy ykdysady taýdan öňdäkileriň hataryna goşmak, Watanymyzyň gadymy taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny dünýä ýüzüne wagyz etmek, halkymyzyň ruhy dünýäsini has-da baýlaşdyrmak.

Esasy wezipeleri:

syýahatçylygyň döwrebap üpjünçilik ulgamyny döretmek we kämilleşdirmek;

syýahatçylygy ýurdumyzyň içinde we onuň daşynda giňden mahabatlandyrmak;

syýahatçylyk ulgamynda hususy telekeçilik işini has ýaýbaňlandyrmak;

syýahatçylygy ösdürmek işine daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek;

syýahatçylyk ulgamynda salgyt we gümrük ýeňilliklerini döretmegi kämilleşdirmek;

halkymyza, esasan hem, ýaşlarymyza, gezelenje gelýän syýahatçylara ýurdumyzyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny syýahatçylygyň üsti bilen ýetirmek;

syýahatçylygy ösdürmek bilen, halkymyz üçin goşmaça iş ýerlerini döretmek;

Watanymyzy syýahatçylyk babatda dünýäde öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna goşmak;

syýahatçylyk ulgamy üçin ýokary derejeli dolandyryjylary, ýörite bilimli hünärmenleri taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak, olaryň hünär derejelerini ýokarlandyrmak;

syýahatçylyk ulgamynyň düýpli ösüşini daşky gurşawy goramak syýasaty bilen utgaşdyrmak;

syýahatçylyk öümleriniň görnüşlerini artdyryp, myhmanhanalaryň ýylyň dowamynda doly işlemegini gazanmak;

syýahatçylygyň uzak möhletleýin ösüşini göz öňünde tutup, ekosyýahatçylyk, agrosyýahatçylyk, kenarýaka sebitlerine syýahatçylyk barada ilaty yzygiderli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek;

sebitiň tebigy aýratynlyklaryna laýyklykda dürli syýahatçylyk saparlaryny utgaşdyrmagyň netijesinde saglyk, sport, iş maslahatlary, tebigy aýratynlykly we başga hyzmatlary hödürleýän syýahatçylyk şäherçelerini döretmek;



sebitleriň durmuş-ykdysady ýagdaýlaryny ýokarlandyrmakda syýahatçylygy esasy serişdeleriň biri hökmünde ulanmak;

syýahatçylyk ugry boýunça ylmy ösdürmek;

syýahatçylyk babatda kanunçylygy kämilleşdirmek.

 


Date: 2015-12-24; view: 1169


<== previous page | next page ==>
Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamyny goldamagyň we ösdürmegiň 2011-2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy | Türkmenistanyň taryhy, medeni we tebigy baýlyklaryny syýahatçylykda giňden ulanmak
doclecture.net - lectures - 2014-2024 year. Copyright infringement or personal data (0.005 sec.)