Home Random Page


CATEGORIES:

BiologyChemistryConstructionCultureEcologyEconomyElectronicsFinanceGeographyHistoryInformaticsLawMathematicsMechanicsMedicineOtherPedagogyPhilosophyPhysicsPolicyPsychologySociologySportTourism






Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamyny goldamagyň we ösdürmegiň 2011-2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy

GIRIŞ

 

Täze Galynyş döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýahatçylygy döwlet derejesinde goldamak hem-de Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmak boýunça öňde goýýan derwaýys wezipelerini amala aşyrmak maksady bilen, “Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamyny goldamagyň we ösdürmegiň 2011-2020 ýyllar üçin Milli maksatnamasy” (mundan beýläk – Milli maksatnama) işlenip taýýarlanyldy.

Şu maksatnama Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine degişli möhüm ähmiýetli we ileri tutulýan wezipeleriň çözülmegine, ykdysadyýeti mundan beýläk-de köp ugurly ösdürmäge, öňdebaryjy tilsimatlary giňden ulanmaga hem-de ýurduň intellektual kuwwatyny pugtalandyrmak esasynda ýokary netijeli syýahatçylyk pudagynyň döredilmegine we ýokary hilli hyzmatyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly syýasaty hem-de aladalary netijesinde dörän täze galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň beýleki ugurlary bilen bir hatarda syýahatçylyk ulgamyny özgertmäge we ösdürmäge uly üns berilýär.

Türkmenistan baý medeni däp-dessurlary miras goýan gadymy medeniýetiň watany hökmünde bütin dünýäde tanalýar. Baryp gadymy döwürlerden bäri syýahatçylar biziň topragymyzyň gözelliklerine, onuň tebigy baýlyklaryna haýran galypdyrlar. Watanymyz Gündogar bilen Günbatary birikdiren Beýik ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolupdyr.

Soňky ýyllarda döredilen Köpetdag, Repetek, Badhyz, Sünt-Hasardag, Hazar we beýleki tebigy horaghanalar syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň hut özüniň aladalary bilen 2007-nji ýylda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň gurluşygyna başlanyldy we häzirki wagtda bu zolak kaşaň myhmanhanalary, desgalary bolan uly dynç alyş merkezine öwrüldi. Bu zolagyň gojaman Hazaryň kenarýakasynyň türkmen böleginde döredilmegi uly ähmiýete eýedir, sebäbi onuň ekologiýa taýdan arassalygy, jana ýakymly ýumşak howasy, deňziň suwunyň mikroelementlere baýlygy sebitde syýahatçylygy ösdürmäge, watandaşlarymyzyň we daşary ýurtly raýatlaryň dynç almaklary hem-de saglyklaryny dikeltmekleri üçin uly mümkinçlikleri döredýär.



Syýahatçylyk ulgamyny ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek meselesi Türkmenistanyň Prezidentiniň tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri bilen deň hatarda birnäçe daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde talyplarymyzy okatmak, hünärmenleriň, jogapkär işgärleriň hem-de ýolbaşçylaryň öňdebaryjy syýahatçylyk kärhanalarynda ýörite okuwlary geçmek hem-de tejribeleri alyşmak görnüşinde çözülýär.

Syýahatçylyk babatda kanunçylygy kämilleşdirmek meselesi esasy wezipeleriň biri bolup durýar. 2010-njy ýylyň maý aýynda “Syýahatçylyk hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu kanun ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny halkara talaplaryna laýyklykda ösdürmegiň ugurlaryny kesgitleýär. Ondan başga-da, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady, şol sanda syýahatçylyk ulgamynyň ösüşini kesgitleýän “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň oabalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy” hem-de Türkmenisanyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2008-2012-nji ýyllar üçin konsepsiýalary kabul edildi.

 


Date: 2015-12-24; view: 1349


<== previous page | next page ==>
Wszystko zaczyna się w domu... | Milli maksatnamanyň esasy maksady we wezipeleri
doclecture.net - lectures - 2014-2024 year. Copyright infringement or personal data (0.01 sec.)